Özünde gizlenmäge ýetişmedikler

Döwletiň maşyny, äpet,
kiçijik adamyň üstünden gelýär,
gaçmaly we gutulmaly,
astynda galmajak bolsaň,
ilki beýläk, soňra eýläk geçende,
çagalaryň bilen bile,
bile eneň-ataň bilen,
dogan-gardaş bilen ýene,
ol ozal kän maşgalany ýok etdi,
obalyny, şäherlini entetdi,
sebäbi olar wagtynda
sowulmaga ýetişmedi,
ýetişmedi gizlenmäge
öz içinde ussatlarça,
ýa mydam bolmady ägä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019