Ýüzügara hökümet
Moskwa polisiýasy 12-nji iýunda derňewçi žurnalistiň goldawyna toplanan protestçileriň 420-den gowragyny tussag etdi. Habarlardan
Ömür ogurlaýan hökümet her gün,
başga pikirlini bogmaga çalşyp,
hemme ýerde şol bir oýny oýnaýar,
ýanaýar ol adamlary pikirli,
yzarlaýar, garalaýar,
töhmet atyp açýar jenaýat işin,
bulagaý, agzala etmekçi bolýar,
öjükdirýär adamlary adama,
öz-özüne garşy diýýär,
töhmet atýar diýýär hökümet hana,
ogry diýýär özi ogurlap ilki,
göterip ýa gizläp bilmejek malyn,
pulun, dünýäsin,
ýa terrorçy diýýär terrorçy bolup,
kemsidýär ol, gorkuzýar ol,
öldürýär ol gynap, aç-suwsuz saklap,
başga pikirliniň ene-atasyn
gam laýyna basyp, ýykýar, maýyrýar,
aýyrýar ýanyndan ogul-gyzynyň,
ömür ogurlaýan hökümet her gün
ýüzläp maşgalany depýär, entedýär
wagyz guýup tonna-tonna üstünden,
başga pikirlini ýok etmek üçin,
başga pikir etmez ýaly galanlar,
gorap bilmez ýaly pikir edeni,
sözün ýa-da çala pikir aýdany,
gorajak bolany özüni, ili,
çagalary ösüp gelýän,
ýa-da sögmän saklanany
gargalýan mahaly başga pikirlä,
onuň abyraýyn gaçyrjak bolup,
satyn alnan žurnalisti, şahyry,
ýa-da ýazyjyny, uly baýrakly,
küşgürip üstüne satlyk sudýalar,
ýa KGB başarmasa işini,
her zat eder ýüzügara hökümet
döwjek bolup hakykatyň dişini.