Bir gämi

Biz, barymyz bir gämide diýýäris,
diýmek, gämi batmaly däl,
agmaly däl başga ýana,
ýa ýoluny ýalňyşyp,
çykmaly däl başga ýerden,
daga, daşa urulyp,
ýa-da düşüp girdaba,
emma muny pikir edýän hemişe
ýa az bolýar, ýa ýeterlik bolmaýar,
ýa-da hemme pikir eden
gorkusyny dile alyp bilmeýär,
çünki bilýär kimler gämä
altyn-kümüş alyp münýär,
alyp münýär tonna-tonna başga zat,
ýene biri münýär köşki-eýwanly,
gullary bar müňläp ýanda baş egýän,
kim çagasy bilen çüňkünde galsa,
aç hem suwsuz otursa-da razy,
beýlekiler meýlis gurýarka günde,
biz, barymyz bir gämide, bu dogry,
açgözlügiň derýasynda, megerem,
a kapitan, meger, iň uly ogry.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024