Bolşewigiň tagmasy

Erkegine "ow" diýdiler olaryň,
gyzlaryna bolsa diýdiler "owa",
erkegine "wiç", "wyç' diýdiler ýene,
aýallarna bolsa "ýewna" ýa "owna",
bu tagmady, bolşewigiň tagmasy,
hojaýynyň kimdigini görkezýän,
hem milletiň ýitip gitjegin ownap.

Olar ilki halamady bu ady,
sebäp "ogly" diýýärdiler ozallar,
sebäp "gyzy" diýýärdiler ozallar,
atasynyň adyn ýoýman, ýitirmän,
emma aga ýaraglydy, dagarman,
gylygydy gyrgynçylyk, sürgün ýa,
onsoň "owa" kaýyl boldy ulus il,
galjak bolup ýarym-ýalta gurgun ýa
tükenmejek bolup soňuna çenli,
dilini, dinini taşlan köp boldy,
ýöne bir gün hojaýynyň därisi
çyg çekdi-de, syndy şeriň şalygy,
erkinlige çykdy olar görmäge,
özbaşyna döwlet boldy, il boldy,
emma gulçulygyň tagmasy galdy,
sebäbi il erkin däldi, howatyr
ornaşypdy ýüreklerde, beýnide,
erkegine "ow" diýýärler olaryň,
gyzlaryna diýýärler "owa" hem "owna",
dowam edýär gara günler, howatyr,
umydym, ýok bolup gitmesin ownap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024