Žurnalisti iýen döwlet
Adam taksi sürýärdi,
familýasyn üýtgedipdi oglunyň,
geljekde agasy üçin,
ýaşlyk edip ýol ýitiren,
hökümete garşy çykyp,
döşünden itilmez ýaly,
emma döwletbaşy ozal
çynyny aýdýany yzarlan, döwen,
indi taksist bolan işsiz milleti,
dyrnak bejerýäni, tatuçylary,
saç boýaýan çörek üçin,
ýa bolmanda gaş bejerip,
çörek puly gazanýany
kowalaýar, goýmaýar,
žurnalisti iýen, garaw görmedik,
soň il iýip doýmaýar.