Soňy görünmeýän kemsitme

Ýurtda iş ýok, açlyk hemem kemsitme,
wezipesi bolan urjak, uşatjak,
türmä basjak häkimýetler,
sebäp däl, bahana bolsa,
aljagyny bilse, allasyz süri,
ýa-da taňry berýär olara döwlet,
mal-dünýäni, ejiz ili taladyp,
olar muňa ynanýarlar özleri
iliň gelen ýerne barýança bir gün,
güýçli lezzet alýar bilse agladyp,
emma ady hukuk goraýan kileň,
adam için dökdi, zeýrendi her gün,
alajym bolmady, diňledim dymyp,
sebäbi bu başlanypdy has ozal,
o mahal ak ýokdy meniň saçymda,
indi gara azalypdyr,
ýurtda iş ýok, dowam edýär kemsitme,
hemem adam az galypdyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024