Pak KGB

Ýadymda KGB, çykanok asla
(men MHM diýmeýärin!),
azany goraýan döwlet başynda,
"Men işimi edýän" diýip,
adalaty sorasaň,
generallar, polkownikler,
doýjak däldi diri iýip.

Ýok, olaryň işi däldi
hiç azany goramak,
ogry, talaňçyny goramak üýşüp,
elleri ýaragly, egni pogonly,
milli howpsuzlyk millet goragy,
il-günüň goragy bolmalydy, hak,
ýadymda KGB, çykanok asla,
sebäp olar birujyndan pakdy, pak!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024