Ol ata, ol ene

Ol ata, ol ene gerçek oglunyň
Neşekeş bolmagna garşy durmasa,
Ol ata, ol ene bägül gyzynyň
Bisowat galmagna garşy durmasa;
Bilmese, aňmasa ýananyň seniň,
Okajak bolmasa ýazanyň seniň,
Ýa alysda bolsa kitap-depderden,
Hat iberseň uzak ilden kepderden,
KGB kepderi atsa ýokarda,
Millet bolan gulak assa sakyrda,
Sammylda aldansa agzyny açyp,
Çynyn aýdan gezse bukulyp, gaçyp;
Ol ata, ol ene ulugyzyny
Azanyň öňünden çykarsa besläp,
Ol ata, ol ene gerçek ogluny
Azanyň goragna iberse isläp,
Hemem seniň halyň sormasa biri,
Sen nädip gorarsyň ýurduňy, ili?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019