Haýyş

Derdiňi diý, sözle gardaş, sögünme,
Däne-däne aňlat, sözüň kesmäli.
Diýýäň: “Aksaraýda türkmen gyzlarnyň
Bolup durşy meni eýledi däli.”

Aç ýüregiň, içiňi dök, bolmasa,
Köşek ýaly bozla, diýmäli besdir.
Diýýäň: “Diwarlara urdum başymy,
Dar sokakda ýatdym aýylyp essim.”

Sözle, ýöne atma günäni başga,
Özüňi aklama özgäni kyhlap;
Bil, hemmämiz günäkär biz, ilimiz
Gara günde ýesir goýsak ah-wahlap.

Aýt, aýt, aýt, galmasyn arman,
“Hä” bereýin, hem düşünjek bolaýyn.
Ýöne gazap edip sögünme, gardaş,
Onuň bilen gutaran ýok golaýyn...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024