Bolmaýan zat

Adamyň aýdasy gelýär,
Diýesi gelýär derdini,
Gemre baglan içinde;
Dökesi gelýär gurduny,
Adam gözleýär günde.

Adamyň aýdasy gelýär,
Diýesi gelýär islegin,
Telwasy bar ýürekde;
Ýöne diňlejek tapmaýar,
Haraý gözleýär gökden.

Adamyň aýdasy gelýär,
Bagyrasy gelýär käte
Bir egne owkap ýüzün;
Emma adam tapmaýar hiç
Aňlajak diýjek sözün.

Adamyň aýdasy gelýär,
Açasy gelýär ýüregin,
Seçeläp däne-däne;
Açylasy gelýär onuň,
Hany bolýarmy näme?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024