Çagalaryma

Eziz, bizi har edenler har bolar,
Muny dilemegem gerek däldir kän.
Nazar, bizi iten intizar bolar,
Nepi bolmaz soňra ökünjiň, öýkäň.

Biliň, agyr ýoldur erkeklik ýoly,
Gözüňden gan getir ýaş ýerne käte.
Albaý bulap aldar dünýäniň maly,
Keme çydar, artyk götermez mäde.

Men sizi baýdak deý galdyryp göge,
Öňe gitdim, süýräp döwülen göwnüm.
Mähri janym, gyzym, ýüregme söýe,
Armanym ýok bilsem siz bilen öwnüp!..

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019