Düýş
Agşam ejem girdi düýşüme ýene,
Başymy sypady, ýyljakdy eli.
Diýjek boldum seni küýsedim, ene,
Sesim alyp gitdi ýanwaryň ýeli.
“Burnuň ganan ýaly, ýykyldyňmy ýa?”
Enem pyşyrdady, gorkuda gözi.
Diýjek boldum garda taýdy aýagym,
Emma dil diýmedi bu ýalan sözi.
“Beýdip ýörmän, bolmadymy dolansaň,
Kakaň gözi ýolda, on ýyldan bäri!”
“Eje, men geljekden, ugruny bilsem...”
Bir zat gaçyran deý sermedim ýeri.
“Ilden artyk näme isleýäň beýle?
Ýa erkinlik diňe saňa gerekmi?”
Men ejeme diýjek boldum däl eýle,
A ol diýdi: “Bolaý ahyr derekli!”
Ýanwar, 2009.