Oýun

Onuň jaýy gygyryp dur günortan:
“Meniň eýäm – diýip -- ullakan ogry!”
Aýlygy ýetjek däl otus ýyl bassa,
Ýat ilde pul seçip okaýar ogly.

Teke halylaryn iki gat düşäp,
Diwarlardan asyp çykdy bir gatdan.
Emma haly dokan barýar pyýada,
Dogry-dürsüň bary düşürlen atdan.

Onuň jaýy gyrygyp dur gijagşam,
“Meniň eýäm – diýip -- uly parahor!”
Aýlygy ýetjek däl iýip-içmäge,
Emma toý tutuşyn zor görmeli, zor!

Gabarýar, göýäki, ýykan päliwan,
Ulus iliň ýere degipdir dyzy.
Oýnaşlary çümdi düre, göwhere,
Aýaly öwünýär, aýnaýar gyzy.

Ýogsa öň, il ýaly, başy aşakdy,
Ýarym aç ulaldy garyp tünekde.
Indi hakyn alýar, göriplik etmäň,
Oýun dowam edýär, saýlanýar ökde...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024