Ýeke žurnalist
Uly bir ilçede, ýeke žurnalist,
Marydamy, Nebitdagda, parhy ne;
Öz sözüni diýjek bolýar, urunýar,
Emma däl bi ulus iliň parhyna.
Uly bir ilçede, ýeke žurnalist,
Uýany hak, ilim diýip ölermen.
“Boljak zatmy, oglan, döwletden öýke?”
Akyl satýar KNB atly bilermen.
Haýran galaýmaly, KNB, MVD,
Ýa-da NKVD ýörgünli ady,
Millet öz dilinde kabul etmedi
Gulçulykdan gelýän gara töhmedi.
Uly bir ilçede, ýeke žurnalist,
Bir özüne galan ýaly il derdi,
Hak sözüni diýjek bolýar, jibrinýär,
Emma süri-süri sem etjek merdi.
Sud, prokuror, polis “bas” diýse basjak,
Ýok olara kanun, kada-bolary.
Millet iki bölek, münýän maşyny,
Dem alýan howasy başga olaryň.
Uly bir ilçede, ýeke žurnalist,
Lebapdamy, Aşgabatda, parhy ne;
Öz sözüni diýjek bolýar, urunýar,
Emma däl bi ulus iliň parhyna.
Gaty gitse diýýär: “Bes edäý senem,
Eneň-ataň dagdy, çagalaň bar-a!”
Emma aňlajak az şol çagalaryň --
Gelejegi üçin çekilse dara.
Ýokarda ogurlyk, urha-çil, göter,
Millet gum ýalasyn, bakýan ýok, eger.
Aşakda pyşyrdy: “Bise ne ýeter?”
Sesiňi çykarsaň, daş-taýak deger.
Uly bir ilçede, ýeke žurnalist,
Bilýär, häkimýetden her haýsy çykar.
Emma ýene dymyp bilmän sözleýär,
Millet tomaşaçy, jyklar-da gaçar.
Ýogsa aňy ýetýär, ogry häkimler,
Gymmat galstukly talaýar, ezýär.
Ýöne ýüreginde KNB wehimi,
Deri däl, beýnisin pyçaksyz ýüzýär.
Uly bir ilçede, ýeke žurnalist,
Gorpa barýan ile ýalbarýar: “Daýan!”
Emma millet diýýär: “Gorasyn hudaý,
Biziň ne boljagmyz bir şoňa aýan!”