Surat

Teşne bolsaň

Teşne bolsaň akar suwuň boýunda,
hem bilmeseň egilmäni,
goşawuçlap suw almany,
teşneligiň gandyrmany,
garaşsaň birlerniň gelerne hökman,
hem hötjetlik edip dymsaň,
çagyrmasaň kömege-de,
ýa-da gorkýan bolsaň demiň almaga,
ýa çekinýän bolsaň suwdan,
ýykylaryn, beýleki,
menlik däl sen eziz dogan,
ha ýomut bol, hala teke!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019