"Durmuş - göreş" diýýärdiler
Tejeniň 8-nji orta mekdebinde sapak beren mugallymlarymyň ruhuna bagyşlaýaryn.
"Durmuş - göreş" diýýärdiler,
ýadymda.
Orsuň guran mekdebidi,
emma okadýan türkmendi,
türkmen dilindedi sapaklar, dersler,
bilmeli diýýärdiler
ene diliňi kemsiz,
at näme, işlik näme,
hal näme, sypat näme,
ýa aýyrgyç, doldurgyç,
bolýardylar öwretjek,
müň dokuz ýüz ýetmişinji ýyllardy,
Moskwanyň demi ýarýardy daşy,
men indi düşünýän bizi okudan,
sapak beren ärler ilsöýer eken,
hemem hak ýolunda goýupdyr başy.
Indi, aman,
pikir edýän, oýlanýan,
eger ene dili diňe
samsyklara ýarasa,
ýalan sözlemeli bolsa
türkmen dilini bilýän,
aýyplaşmaň soraýanym,
gerekmi ony öwrenmek,
ýa-da şundan ony öwrenmeýärler?
"Durmuş – göreş" diýýärdiler,
orsuň mekdebinde göreşen ärler,
indi türkmen mekdebinde haýsy dil,
ýa-da haýsy sapak berilýär çaga?
Bir bilýänim - göreşjek ýok, turjak ýok,
ýaşajak bar diňe baş egip aga...