Alakasyz alaka
Onuň seniň bilen alakasy ýok,
nämä ýandyň, näme ýazdyň, bilmeýär.
Nirelerde ýykyldyň ýa depildiň,
galdyň ýerden ne gün bilen sermenip,
ýazan kitaplaryň satyn almak däl,
mugt berseň-de almaýar,
okamaýar bir setiriň,
berseň öýne getirip,
emmaki sen göýäki,
synaň ýaly aýrylmaz,
belki, gözüň göreji deý,
aladasyn etjek bolýaň,
hemem almytyňy alýaň,
çünki onuň seniň bilen,
walla, alakasy ýok,
belki, siňe seretseň,
alakasy ýok onuň
özi bilen ullakan,
sebäp birçak aýlanan dek alaka,
bar maksady basmak ýaly galla kän.