Surat

Suwlara ber derdiňi

Suwlara ber derdiňi,
akar suwa, tenekara,
durla ýüregiňi, bagryň,
para ýa pul dilemez suw,
ýa-da seniň derdiň aldym,
bolmasa ölerdiň diýip,
minnet etmez yzyňdan soň,
suwlara ber derdiňi,
okla-da goýnuna özüň,
ýüz gulaçlap iki ýana,
juda bolman goşawuçlap,
al hem akyt ýüzleriňden,
teşne bolsaň içip ganman,
akyt ilki gözleriňden,
suwlara ber derdiňi,
hemem suw bol başarsaň,
goý, diýsinler pese akdy,
ýa-da ýene nämeleri,
emmaki sen geçjek ýeriň,
a soň galjak, suwa ýakjak
düzleriňi unutma hiç,
unutma hiç arzuwlaryň,
suwlara ber derdiňi,
suw ýaly bol iru-giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024