Surat

Syl Güni ýürege çyndan

Äýnek dakynybam bolsa,
göreniň gowy dünýäni,
ýagtylygy, güneşi,
dogup gelýän ir säher,
ýöne howlukmak gerek däl
entejikler äýnege,
ýazyp berse-de doktorlar,
sargap öliň sargydyny,
dakynma sen ony asla,
juda zerur bolýança,
ulan hudaýyň beren
göreçlerin görmek üçin,
sebäp göz görüp ýiteler,
söz söz bolar aýdylanda,
eliňe, aýagňa daýan
gidilende, gaýdylanda,
hemem ynan ak güneşe,
syl ony her säher turup,
ýüze däl, ýürege çyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019