Erteki hukugy
Erteki ertirki boljak,
bolup biljek zatlary
ýa adamyň arzuwyn,
islegini aňladýar -
bu bize aýdylan bölegi hakyň,
çagalykda, ýaşlykda,
mekdep partasynda ýa-da
uniwersitet partasynda,
sorag bersek el galdyryp,
nätjek, ýaşlyk bolýar sada.
A indi düşünjek bolýas,
ak girse-de, aň girmedik adamlar,
ýa-da aňy agtalanan mähelle,
diplomly bolsa-da jübüsi gyzyl,
başga zady ýa närsäni görmese,
çykan mekdebinden seredýär dünýä,
görýär ony dürbüsinden garybyň,
baýlaryň malyny paýlaşyp doýjak,
a galanyn ogul-gyzyna goýjak...
Meger, adam ulalmasa,
oňalmasa hiç haçan,
käýindirse ejesini,
käýindirse kakasyny ,
diýdirse "oňalman geçen",
walla, başga çäresi ýok,
erteki bilen ýaşaýar,
ýaşaýar hyýal bilen,
sebäbi, delili kabul etmeýär,
başarmaýar dikelmegi, durmagy,
gürrüňi ýok uly suraty görmäň,
ýa onuň ýanyna, golaýna barmaň,
näme galýar onsoň, paltasyn alyp,
garyp bolup, gidýär odun ýygmaga,
gyzyl tapýar, gaýdyp gelýär baý bolup,
belki, bu-da hukugydyr ynsanyň,
ýaşasa ertekä ynanyp, gülüp?