Watan näme?
Watan diňe başbakan däl,
ogurlýan, opurýan
ýetimiň, naçaryň hakyn,
a soň halallyk hakynda,
hudaý hakda takal okaýan uzak,
watan ozal-ahyr watan ugrunda
baş goýan ärleriň ýatan topragy,
soň eneler, garyp, naçar,
dürslügi hem halallygy
aýagyna bolan duzak;
özi iýmän çagasyna iýdiren,
özi geýmän, çagasyna geýdiren,
atalar, ogluna halal bol diýmän,
her gün halallygyň nusgasy bolan,
daýhan, irden gidip, agşam dolanan,
çopan, ýüzi sowuk-yssa çowlanan,
oglanjyk ol, ertir är çykjak, belki,
gyzjagaz ol, baýdak boljak birigün,
hiç söweşde ýere taşlap bolmajak,
ýa bir maýyp, ýa bir garry kömegiň,
özüň soňa goýup, bermeli ilki.
Watan diňe başbakan däl,
ýa, aýdaly, oligarhlar,
başbakanyň daşyn gallan,
işewür ýa biznesmen,
telekeçi türkmençe,
teleke işlerden, walla,
baş çykarýan almaly,
ýa çilmeli bolanda,
bermeli bolanda edil beýle däl,
hemem iş düşende watan başyna,
başarsa iň ilki jyrýan,
puldarlar däl asla watan,
daşarda saklaýan malyn,
ulus ili saýyp ýatan!
Watan diňe başbakan däl,
ýa däl onuň aýaly,
garyplykdan çykan indi,
ýa-da onuň doganlary,
dolanany, ýegeni,
ol köçe süpürýän aýal,
gurluşykçy obadan,
daşdan gelip işleýän,
pagta ýygyp -egni bitmän,
orak orup, aç ýatýan,
nebit hem gaz öndürýän,
aýlygyny alman aýlap,
Watan diňe doklar däl,
doýana iýdirýän saýlap.
Watan diňe başbakan däl,
parlament däl, däl kgb,
ýa-da garalawçy, başbakan diýse,
garalaýan ak guwy-da asmanda,
kazylar däl, başbakanyň
milýardlarna göz ýumup,
ekininden bir halta
çagalarna ýylgalla
bugdaý alany basýan,
ýazarlar ýa senetçiler däl watan,
baş ogryny ýerde goýman,
Aýdan, ýyldyzdan asýan...
Watan diňe başbakan däl, bolmady,
bolmaz indem hiç haçan,
aldanýan bolsa millet,
talanýan bolsa millet,
başbakanlar geler, geçer,
a millete galar minnet.