Surat

Orak wagty

"Her kim ekenini orar." "Arpa ekip, bugdaý oran ýok." Türkmen nakyllary

Itiň bilen oýnamaga, gezmäge
eliň ýetmez asla seniň.
Itiň bolmaz şu sebäpden.
Ata münüp, gomalyp,
takyrlardan çapmarsyň,
çünki at baý, bege ýeter,
has aňyrdan opurýan,
atyň bolmaz şu sebäpden.
Emmaki aýdylan öňden,
hyýaly bolan serinde,
jaýlap bilmez garynda.
Dawa salarlar onsoň,
gara başyňa seniň.
Çagaň bardyr,
eliň ýetmez çagaňa,
aýalyňa gül almak
ýat illerde, elliden soň,
ýadyňa düşer birden,
ormakmyş şu ekeniň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024