Gowak hakykaty

Platonyň gowagyndan
eger-eger çykjak däldim.
Döwjek däldim gandalyny
ellerimiň, aýagymyň,
TW bilen berçinlenen,
hemem güni görjek däldim,
eger-eger, hiç haçan,
görjek däldim baglary,
daglary hem derýany,
bolşy ýaly hakyky,
düýeleri, atlary ýa,
adamlary atlanan,
diňe diwara düşýän
kölgesine aňalyp,
öwrüp bilmän kellämi
ne saga, ne soluma,
geljek däldim eger-eger
bu ýoda, bu ýoluma,
hem dymjakdym hamala,
daş asan dek dilimden,
emma bir gudrat bilen,
çekilen dek elimden,
çykdym gara gowakdan,
hemem güni görüp ýagty,
yzda, gowakda galana
aýtjak boldum görenim,
emma maňa gahar etdi,
haýbat atdy gowak ili,
gorkýan, gowakda doglany
çykarardan ir häli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024