Portrete synanyşyk

Ol adam, haýran galmaly,
ussat oýnaýar pidany,
kem tapyp bolmaz işinden,
goý, kim bolsa bolsun ketde,
ýaranmaga çalyşýar ol,
itilýänçe döşünden...

Ussada ussat diýmeli,
edil muny diýip boljak däl ýogsa
başga rollary hakda,
mysal üçin, beýle gowy kaka däl,
beýle gowy är däl hatda hatynna,
emma pida oýnamaly bolanda,
zeýrenmeli bolanda,
ak jüýje bolmaly bolsa hemişe,
ýazgarmaly bolsa başga birlerin,
walla, ol ökde,
taý tapylmaz bu golaýda,
bu çakda.

Ol pidany diýseň gowy oýnaýar,
ynandyrýar çala gowşaklyk etseň,
mysapyr, ezilen, nähak töhmetden,
ýa ýene bir zatdan ýanan hemişe,
bilmeýänler pikir edýär baş pida,
iň bir ejir çeken diýip,
hemem birinji iş şunuňky, meger,
çözülmeli çözgüt bolsa, bolmasa,
emma hakyky pidalar,
göreşen ellerin çermäp,
başyny etege salyp,
pida bolup görünmekden utanýar,
ol pidany şeýle gowy oýnaýar,
hem hemişe çykýar ýeňiji bolup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024