Diş meselesi
Olar ozal tankydyň
dişlerini döwdüler.
Sebäbi ellerinde
kgb bardy daýaw,
ur diýenlerin urýan,
gabap gaty diwara,
agzyn açan är, aýaly
ilden edýän awara...
Olar ozal tankydyň
ellerini daňdylar,
duşadylar aýaklaryn,
hemem ýatan ýerinden,
gygyryp bilmez ýaly,
traktorçyň keçesini
ýagy ýalpyldap duran,
dykdylar agzyna üýşüp,
bagladylar gözlerin,
ýeňi bilen güpbiniň,
bilmez ýaly huşun, düýşün.
Olar ozal tankydy
ölmez-gülmez etdiler,
gaçyrdylar baş alyp,
suwsuz çöle, dag-düze,
däli-diwana ýaly,
ýöne olar däliden
sagdan beter gorkardy,
sebäbi bilýärdiler
bir gepi gerek onuň,
bu gadymdan gelýärdi,
diýmek tapyp başgasyn,
ýa-da ýasap ýaňadan,
tapyp nirde betpäli,
hem pul bermek,
hem ýel bermek gerekdi,
gepläp bilmez ýaly akylly däli.
Olar ozal tankydyň
dişlerini döwdüler.
Öldürdik etdiler hatda,
sebäbi bulamak içip,
uzak gitmez öýtdüler,
garaňky gijeler baryp,
bitläp ýatan gowagyny
diňlediler daşyndan,
emma tankydy öldürmek
başartmandy hiç kese,
gyrsalar-da asyrlap,
iki-ýeke çykany,
ýetirmän ertire, daňa,
sebäp düýnki jellatlar-da
mätäç bolýardy oňa.
Olar ozal tankydyň
dişlerini döwdüler.
Emma soň görüp ölmänin
begendiler çaga ýaly,
sebäp altyn günleri,
güneşleri ýaşypdy,
ýa beýle ýiti däldi,
a kgb başgalary
goraýardy döwlet diýip,
adat meger bu gadymdan,
bir-birin gemirýär begler,
ilki bile ili iýip...
Olar ozal tankydyň
dişlerini döwdüler.
Ýöne indi aglaýarlar
dişi ýok diýip onuň,
walla, gynanýan juda,
sebäbi aňmasaň agyr
näme sebäbi munuň.