Düşünmek kynçylygy

Hökümete işlemek,
öňkülere seretseň,
egrilik etmek bolsa,
ýa-da şärik bolmak bolsa
ogrybaşyň ogurlygna,
a ol jähenneme giden
ýoldaş agtarar etse,
çekiljek ýa durjak bolsaň,
arkaňdan öňe itse,
a soň sekretar gelniň
üstünde ýa astynda,
gelşiksiz ýerde tutsa,
ýa bu oýun bir gezek däl,
on gezek däl, ýüz gezek
gaýtalanan bolsa sähelçe ýylda,
senem ýene perwana deý,
barýan bolsaň şol oda,
men saňa düşünip bilmerin, adam,
düşünmek islemen ýa-da.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019