Gorkusyzlyk

"Olar partiýadan gorkardy ýaman, -
zeýrendi adam.
- Ak tam bordy ýüzleri
Moskwany agzasaň.
Içlerinden okap bilen dogasyn,
ogullaryn sünnet etdirmän saklap,
ýürekleri gasyn-gasyn,
otla ýükläp zamça bişse,
ýa-da halyly üzüm,
ýa erigiň irkisinden
ibärdiler elin wokzala çykyp,
ynanmazdym eger görmese gözüm...

Olar Moskwadan gorkardy ýaman,
indi hudaýdanam gorkýan ýok, aman!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019