Däle "däl" diýip bilmek
Däle "däl" diýip bilmek
edermenlik boldy uly,
sebäbi KGB batyr
arkasynda durýar däliň,
sarsman, gara dag ýaly.
Däle "däl" diýip bilýän,
göwne gelýär kämahal,
ýitdi, ýok boldy, belki,
tohumy ýa tiji galman,
ýa adamsyz çöle gaçdy,
hinin alyp şagal, tilkiň.
Meger, şondan käte birniň,
azaşyp ýa tozaşyp,
däle "däl" diýmäge gaýraty çatsa,
eşdenine ynanmaýar jemagat,
ýa-da pikir edýär içinden gara:
"Bu bir duzak bolmasyn?
Biziň içimizi biljek bolýarlar,
bir satlyga berip para..."