Surat

Erkiň üçin töwekgellik etmeseň

Erkiň üçin töwekgellik etmeseň,
berkiň üçin töwekgellik etmeseň,
dag ýoluna gitmeseň,
düz ýoluna gitmeseň,
ýa çekinseň çöl ýolundan,
şagal, tilki bardyr çünki,
ýa urmasaň däli derýa,
çykmak üçin kenara,
ýüregiňe ýelken geýip,
çykmasaň batýan gämiden,
bökmeseň ýanýan uçardan,
paraşýutyň bolmasa-da,
ýa suw, ýa-da saman diläp,
garaşsaň – ne bolar, Alla,
ýetişmezmi birisi,
töwekgellik etjek meň üçin diýip,
elimden çekjek elin,
silkmän hemem ynjytman,
gorpa töwekgellik edersiň, dostum,
terjimesi şeýle hileli postuň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024