Ýangyn söndüriji

Iş üstünde wepat bolan žurnalistleriň ruhuna bagyşlaýaryn.

Ýangyn söndüriji bolsaň meýletin,
hakykatdan ot öçürmek isleýän,
ýakýan ody, ýykýan ody ömürlik,
duruzmak isleýän etmäkä işin,
hemem samsyk bolsaň dünýä
diňe hasap bilen garaýan üçin,
bir gün banky ortasynda şäheriň,
ogrular topary, guraly gurat,
içden urup, hem içinden otlasa,
tüssä sümüp, gaçyp gitmek hyýaly,
ursaň oda özüňi, hasap edip çekilmän,
janyňa döz gelip, gataldyp etiň,
hakykatdan ot öçürmek, halas etmek niýetiň,
janyny, malyny milletiň bolsa,
emmaki ot, alaw badyňy alsa,
maňlaýyňa degse otly kesindi,
ýeňsäňden ok girse, ýykylsaň, galsaň,
geň görme bir garap duran
diýse ada, şan-şöhrada,
ýa-da mala janyn berdi,
a beýleki müňkür bolsa içinden,
delili ýok, emma özüne osup,
öleniň gamyndan, belki,
agyrdyr galanyň derdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024