Seýil

Aýyplamak aňsat başga birini,
ýa-da müňkür bolmak içiňden agyr,
garadygna özgeleriň,
a özüňi ak bilmek,
görkezmek pida soňsuz,
mysapyr gürlän bolup,
aňsat başgaň aşygyny
eliň tersi bilen sülmek,
hem garaşmak alçy gopar,
çözüler bar mesele,
aňsat arzuw etmek diňe,
ak bolmagy boýdan-başa,
ak galmagy boýdan-başa,
emma hiç kim boýdan-başa
ak ýa gara bolmaýar,
çünki durmuş ak-gara
fotosurat däl köne,
gyralary döwük-ýenjik,
görünse-de daşdan şeýle,
aýyplamak aňsat başgany mydam,
hemem geçip gitmek mundan
gelen dek keýpine, seýle.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024