Göreşi bes etmek

Göreşi bes etmek ömüre durýar!
Diňe seniň özüňkä däl, elbetde,
yzyňdan gelýänleriň, soň olaryň yzyna
eýerjegiň bir topar
ömürlerne durýar durmak
ýa-da yza çekilmek,
namart gylyjyna başyňy egip,
hem sessiz garaşmak ajalyň şaglap,
bürgüt ýaly inmegine asmandan,
"Kysmatdyr-da - diýen bolup,
- ýazylan öňden maňlaýa",
ýorgana bukulyp, aglap,
göreşi bes etmek ömüre durýar,
diňe seniň özüňkä däl erbedi,
yzyňdan gelýänleriň,
soň olara eýerjegiň ömürne,
gözmonjugy ýaly çagajyklaryň,
inileriň ömürne,
uýalaryň ömürne,
göreşi bes etmek bolmaýar asla
demiň barka içiňde,
belki, öleňden soňam,
galýan bolsa ruhuň,
şondan adam her gün irden
turmaly hem gitmeli,
barýan ýolundan dänmän,
galdyrmaly özün ýykylan bolsa,
ýan beren ýerine paýajyk urup,
mellekdäki üzüm ýaly,
göreşi bes etmek ömüre durýar,
satmak bolýar ýanyňdaky aýaly!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024