Bagyşla, dost!
Bagyşla, dost,
dogan-gardaş, dolanan,
dolanmadyk nätanyş,
emma adybir adam,
talanan ýa talananyn bilmedik,
ýa bilse-de içden, daşdan
hiç boýnuna almadyk,
bagyşla, elimi uzatjak boldum,
gaýygyndan gaçan talaň deňzine
gardaşymdyr diýip içden,
ýüregimden ynanyp,
uýam diýdim, diýdim aýal doganym,
arkadaşym, obadaşym,
babadaşym, ildeşim,
hemem adybir adam,
ynanýardym ezilmeli däl beýle,
bozulmaly däl beýle,
gara güni üçin iýip özüni,
ýok edip özünde adam ysyny,
terse gidip, gömen bolup yzyny,
emma maňa eger-eger
el uzadan bolmady,
ezijä uzady eller,
ezijä berildi goldaw,
bu diýmek näme bolýar?
Ezilýänler ezýäni goldaýar diýmek bolýar!
Olar goldaýarlar ony,
walla, iki el bilen,
eger bu-da az bolsa,
goldaýarlar dil bilen,
eger bu-da az bolsa,
elleri ýetse ylgap,
goldamaýany urup,
dilleri ýetse ýüwrüp,
goldamaýana sögüp,
juda bolman çäresiz,
dymyp goldaýarlar ony,
bagyşla, dost,
dogan-gardaş, dolanan,
dolanmadyk nätanyş,
tanamadyk meni asla,
ýa bolýan tanamadyk,
mende artykmaç el ýok
uzadara soňsuz beýle,
ir ertir çykypdym ýola,
bulut goýalýar asmanda,
a gün bolup barýar öýle...