Surat

Iki niýet

Biz kitap ýazmaly diýýärdik gowy,
kän hem dürli kitap gerek diýýärdik,
il gözüni açar ýaly,
kän kösenip ýaşlykda,
kitap tapman ibaly,
niýetimiz okatmakdy,
bildirmekdi bilýänimiz,
bilmänimiz arasynda,
berkitmekdi başarsak
bilim-düşünjäniň kökün,
il öňüne kitap döküp...

Olaram diýýärdi kitap ýazmaly,
(aňýansyňyz kimler olar),
hemem diýip durmadylar,
ýazdylar ýa ýazdyrdylar,
(ussat bolsa şeýle bolar!),
çykardylar atlaryndan,
dürli dilde, hatar-hatar,
diýdirdiler: "Aý, bu eder!"
Niýetleri okatmak ýa
bildirmek däldi emma,
öwünmekdi, görünmekdi,
aldamakdy başarsalar,
hemem etdirmekdi heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024