Özüme pent
Gözünde ak galman gyzaran öküz,
ýa mes iner, agzyn ak köpük basan,
dara-dire ýerde, gapyl mahalyň,
däli jeýhun bolup üstüňe gelse,
hem bolmasa asla gaçara ugur,
ýere sümjek bolsaň, ýer gaty bolsa,
bir synanyş, belki, saklarsyň biraz,
gykylyk et, üstüne git garaşman,
bilip bolmaz, birden durmagy ýa-da
yzyna dönmegi, gitmegi mümkin,
emma dargamaga barýan milletiň,
uly-kiçi, inen beýikden aşak,
eger-eger durma öňünde ýa-da
gözün açjak bolma ýagtylyk daşap,
ulagyň bolmasa - pyýada, ýalňyz,
ýanma ýa-da ýakma janyň biderek,
ýaşamajak üçin bilmersiň ýaşap!