Surat

Ejem bardy

Ejem bardy,
Gypjak gyzy Gülälek,
oglum Aşgabatdan geler,
çagalarny alyp basym,
ýumurtgajyk üýşüreýin
diýip alada edýän,
ysmanagyn basyrýan,
sowukdan, gyşdan gorap,
oglum gelse, gökli gutap,
tamdyra ýapyp bersem,
gowy görýän zadydyr
diýip açlyga barýan,
dargamaga barýan iliň
gelinleri gelende
ýumurtga ýa gök sorap,
hiç ýok diýip bilmeýän
ejem bardy,
Gypjak gyzy Gülälek,
borjym bardy,
bergim bardy öňünde,
ogul bolup bermeli,
gaýtarmaly ahyr bir gün "waý" diýip,
tabydyny alyp egne,
başarmadym, dag arman,
duşmanymy güldürdim;
atam bardy, ussadymdy,
ilki harpy öwreden,
öwreden ilki sözlemi,
Pyragynyň dünýäsine ugradan,
hem yzyma dönsem orta ýoldan hiç
bagyşlap bilmejek, geçirmejek ýa,
atam bardy, Bäşim mollum, tejenli,
bergim bardy, borjum bardy öňünde,
tabydyny egne alyp bilmedim,
duşmanymy güldürdim,
hemem birden manysyz,
maksatsyz boldy durmuş,
men eneme mamladygym,
men atama mamladygym
görkezjekdim ahyryn,
bilýän-de bolsalar içden,
men şuny diýýädim diýip,
eger olar giden bolsa,
galan bolsa çäreçiler,
tahýa ýa telpek geýip,
bergim ýok meň adama,
hiç borjum ýok bermeli,
goý, kim näme diýse diýsin,
sögsün hatda diýip "teke";
ejem bardy,
Gypjak gyzy Gülälek,
kakam bardy, Bäşim mollum, tejenli,
Pyragynyň dünýäsine ugradan,
garaşan hem gelsem begenjek gaty,
ikisi-de gitdi, çagalam bilen
ýat ilde ýer sermäp,
galdym men ý

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024