Surat

Seresaplylyk

Golaýyňa getireniň
ýüzüňe ýa ýüregiňe tüýkürse,
çekilersiň, elbetde,
hemem düşünersiň ýuwaş-ýuwaşdan
adamlar nämüçin çekilýär yza,
öz-özüniň içine,
ýer gözleýär çolarak,
ýa ýylgyryp oňýar gülmeli ýerde,
gürlemeli ýerde dymýar,
ýa-da ondan, ýüzden birin sözleýär
bilýän zadynyň,
gadyryn gaçyryp adam adynyň.

Golaýyna baranyň
ýüzüňe ýa ýüregiňe tüýkürse,
çekinersiň, elbetde,
ätiýaç edersiň öte,
diýersiň gowusy golaý däl, daşdan
el galdyrmak, salamlaşmak baş atyp,
elleşip däl, eger-eger,
egilip geç hatda bulutdan gökde,
pikir edip birden kellemä deger...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019