Surat

Ikiden biri

Her kim öz ynanýan işin etmeli,
ýa gitmeli öz gazanýan ýerine.
Eger-de ynanýan, gazanýan işi
bir bolsa, bagty geldigi,
bir bolmasa, gazanç üçin
ynanjyň döwüler dişi.

Her kim öz ynanýan sözün aýtmaly,
ýa aýtmaly aýt diýlenin ýokardan.
Eger ynanýany buýrulan bilen
gabat gelse, getirdigi bagtynyň,
bolmasa bolar ol ynamy ölen...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019