Ýelharaza näme boldy?
Ýelharaza näme boldy, Begmyrat,
men oňa serederim.
Başym aýlanardy biraz,
emma umyt ederdim,
hemem dirilikden diýerdim nyşan,
diýerdim gelerler, tapylar eden
är işini, naçar işin etmeli,
sen başladyň, emma näme döw çaldy,
garaşmadyk günüm taşladyň neden?
Ýelharaza näme boldy, Begmyrat,
men diýerdim yzdan ýetişer kömek,
ýeke goýularmy, heý, beýle günde,
garaşmazmy millet, yzyna giden
dolansyn, ahyry gowuşsyn diýip,
ýa aňsatdyr öýdüp geldiňmi munda,
näme boldy, birden çekildiň neden?
Ýelharaza näme boldy, Begmyrat,
ýa-da ýadadyňmy eýýäm?
Eger yzdan gelýän nesil ýadasa,
öňdäki nätmeli diýýäň?!.
Ýelharaza, biziň iliň harazna,
biziň iliň ojagyna, tamdyrna,
enelerne, gelinlerne
çörek ýapan tamdyra,
ojagy öçürmän saklan,
hem bizi getiren şu güne gurat,
aýdaý ahyr, näme boldy, Begmyrat?..