Dirilik alamaty
Sen bolup bilersiň iň belent dagda,
iň belent gaýada gögeren arça,
ýa saýyp bilersiň özüňi şonça,
ýa özüňi dag başynda gögeren
iň gojaman, iň owadan daragtyň
iň berdaşly şahasynda, güni ilki garşylap,
hem iň yzda hoşlaşyp,
bişen hoz hasaplap bilersiň iri,
barybir gybatyň eden tapylar,
öli bolmasaň entejik,
saklansaň biraz diri,
sebäp gybatkeşler hiç bir adamy,
hatda hudaýy-da goýmaýar sylap,
diýmek bu bir kada adam ogluna,
begen heniz diri diýip,
gybatyňy etse biri.