Özüňden gitmek

Men henizem ol oglany görýärin,
gözlerinde ynam, ýüzünde ýagty,
ýüregi elinde, il diýip orta
at salyp ýa maşynly däl,
pyýadalap gelipdi,
ne maly, ne mülki bardy,
türmä düşse, çekiljekdi ýakyn-ýat,
hem yzyndan geljek ýeke naçardy.

Men henizem ol oglany görýärin,
säherler oýansam, ýa agşam aňsat
uklap bilmän, çiş kakylsa gözüme,
ol gelýär-de çökýär öňümde dyza,
hemem diýýär nädip dözdüň sen maňa,
taşladyň-da gitdiň garaman yza,
ýüregi elinde, öňküsi ýaly,
emma gözlerinde ynam ýok öňki,
men ne diýip bilýän ýalňyşdyk ýaman,
ne-de diýip bilýän dürsdi biziňki.

Men henizem ol oglany görýärin,
has dogrusy gelýär özi ýaltanman,
garaňkyň içinde öçügsi şemli,
men oňa gel, ýa git diýip bilemok,
öz-özüňden gitmek kyn bora çemli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024