Agyrýan ýeriňi aýtma

"Hiç agyrýan ýeriňi aýtma, edil üstünden urarlar." Marina Swetaýewa

Diýme küýseýärin ýurdumy, ilim,
barha beter daşlaşdyrjak bolarlar.
Diýme ýüregimde ünji bar uly,
ýüregiňe degjek kesek salarlar.

Diýme enelere ýanýan uzakdan,
naçarlara gara günli, pukara,
ejizi has entederler, ezerler,
ýok ýerde-de iteklärler çukura.

Diýme çagalary gaýgy edýärin,
ogurlanan okuw okajak güni;
olary has kowalarlar boş oba,
hemem ýagty diýip, bererler tüni.

Diýme, hiç sesiňi çykarma, otur,
hiç düşünip bilmesinler derdiňe;
iň esasy diýme ilim küýseýän,
ýogsa galňadarlar diwary ýene.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024