Adam we erkinlik
Adam erkinlikden türme-zyndany
gowy görse, halasa,
sen oňa azatlyk hakynda goşgy,
ýa-da tymsal aýdyp berme hiç haçan;
adam bolan saýlar, seçer öz ýolun,
başynda bardyr huşy,
ýapyk bolsa açar öňün,
ýa-da ýapar yhlas bilen,
bolmaz ýaly irde-giçde,
hatda daşdan gelip açan.