• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Kakam bilen söhbet

Sen meni isleseň, belki,
saklap bilerdiň, kaka.

Bolmanda diýip bilerdiň,
gitme, dolan bu ýoldan,
howply ol seň üçin,
diňe özüň üçinem däl,
biz üçin-de hatarly,
yzyňda galsak-da aman,
günümize goýmazlar kän,
giň jaýymyz daraldarlar,
bir gonja sokarlar iki aýagmyz,
horlarlar bizi,
beýtme, oglum, diýip bilerdiň, kaka,
hemem maňa kyn gününde milletiň
yza çekilenim üçin, dymanym üçin,
aklamaga özümi
kömek edip bilerdiň,
görýäň-ä, otyr-a uly il diýip,
ýa ýeke seňkimi bu iliň derdi,
merdiň ýerne saýlasalar namardy,
seniň günäň ýog-a, oglum,
otur diýip bilerdiň,
emma diýmediň,
hatda ýaňzytmadyň beýle bir zady,
ýogsa bu hatarly ýoldan
gorkyň bardy, bilýärin,
kakaň sowet döwründe
"halk duşmany" bolupdy,
indi bolsa ogluň barýardy şoňa,
ýogsa atasy deý çopanam däldi,
kitapjyk ýazýardy gijeler ýatman...

Sen meni isleseň, belki,
bu ýoldan yzyma dolardyň, kaka,
emma gitdiň muny etmän!

  • 05.02.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019