Iri adamlar
Olar iri adamlar,
ownuk-uşak däl asla,
geçirimli, sypaýy hem edenli,
gyzyp, gaharlanyp durmaýarlar kän
neşe satýana, beýlekä,
ýa ýalan ýazýana durman,
ýa-da parahora ýolda hem yzda,
çagalaryň geçjek ýolun garaldyp,
çyralary döwýänlere,
ýa-da ýyksa köpri biri,
agajyny aljak bolup,
sebäbi olar iri.
Parhly olar, dargursak ýa dowulçy,
galmagalçy däl asla,
ownuk zady ulaldyp,
diýip, aýdyp durmaýarlar hç haçan,
çünki munuň üçin ownugu-uşak,
özüni sylamaýan,
ýa bilmeýän öz nepini, peýdasyn,
a soň türmä düşýän belki,
iki-ýeke ownuk adamlar bolýar,
olar ýanýar ýola saljak bolup nur,
ýa köprini ýykylmaka
bejereliň diýýär olar,
iri adamlaryň işi däl bular.