Kesel
Bilýän, adam için dökmeli käte,
ol maňa içini dökdi,
tötänden duşup ýolda,
zeýrendi birinden eňegi durman,
diňleseň hiç uwnup-çydar ýaly däl,
içi doly, pahyr, ah bilen arman.
Özümden bilýärin, sypaýysyrap,
ýa-da geçirimli bolşundan beter,
diýmelini diýmän wagtynda, göni,
ýüzlekligi bolup özüne duzak,
gör, kimleriň gara pikir-niýetin,
ýa güýjüni negatiw,
alyp galýar adam özünde uzak.
Kän synandym ony saklajak bolup,
diýdim üýtgedeli temany biraz,
başga tarapyndan bakaly jülgä,
çişirmäli ýüregmizi artykmaç,
dem alaly, ýöräp ýetip bolýarka,
gitjek bolmaly ylgap...
Ýok, bolmady, ol ýene we ýene-de
yzyna dolandy, ýandy, tütedi,
diňlemeli boldum soňuna çenli,
ol ýeňledi, ýüzi ýagtylyp gitdi,
a meniňki garaldy,
ol gitdi sagalyp biraz,
meni öz ýerine keselli etdi...