Siňe seretseň
Siňe seretseň, synlasaň,
sen arkaňdan uranlary,
ýa köweni aýak astyn,
türmä atanlary hatda
töhmet bilen, al bilen,
duşman bolanlary göni,
başga çöpün gutaryp,
keseden sögen, gargany
ýigrenme, gaharlanma,
peslik etdiler diýip,
ýa-da görmändirin,
bilmändrin öň,
tanamandyryn adamy,
duz iýişip, gülüp-oýnap,
gör-ä eden zadymy,
diýip gynanma, ökünme,
çünki her kim öz ornunda
ýykandyr hem göterendir,
şeýde-şeýde ýagşy, ýaman,
duran ýeriňe getirendir.