Ýalan ýoly

Biz ýalan ýoluna haçan sowuldyk,
yzymyza eger-eger seretmän,
biz haçan saýladyk aňyrsy gara,
hiç yşyk görünmez soňsuz ötügi,
hem öwrendik aldamagy özümiz,
gygyrmagy "barýan ýolumyz ýagty,
bagta barýas" diýip, ölýärkäk her gün,
biz haçan ýalany dost saýdyk ýakyn,
ganym duşman bilip çyny, düzüwi,
iki-iki bäş diýeni haçandan,
haýsy günden depämize göterdik,
haçan ilki nälet daşyna tutduk,
ýüzümize gelip, çynyn aýdany,
bilýän, muny soramagam hatarly,
çünki ýigrenýärler yza gaýdany,
ýa-da şübhe bildireni bu ýola,
diýmek, gowy bolan bolup gitmeli,
bar öýjügiň hoşal ýaly hamala,
hem gowy däl, belki, erbet durmuşyň,
günäsini ýüklemeli ykbala.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024