Adam we çydam

Çydar ýaly däl diýdi,
adam çydaman, meger,
TW-den dökülýän hapa
raýatyň üstünden,
görme, seretme-dä diýesim geldi,
emma diýmedim,
sebäbi bilýärdim özümem bolsam,
durup bilmän serederdim käteler,
şükür, içinde däl ýurduň,
halas boldum sürgünde
agzyndan nadan gurduň,
hem gazetde, hem žurnalda dalaýan,
çünki çyksam kioskdan
satyn alardym hökman,
hemem okap, öz etimi iýerdim,
hiç durup bilmezdim janymy ýakman.

Çydar ýaly däl diýdi,
adam çydaman, meger,
TW-den dökülýän boşluga, kaşa,
raýatyň üstünden,
ogurlygy ýapmak üçin, elbetde,
ünsi sowmak üçin talaňdan uly,
görme, seretme-dä diýesim geldi,
wah, özümem bolsam endigiň guly
ýa ýesiri bolup açardym käte,
hemem gazap bilen ýapardym ýene,
ýalana, ýaşryga çydaman, gyzyp,
çydar ýaly däl diýdi,
adam çydaman, meger,
dile geldi, emma aýdyp bilmedim,
wah, çydap bilmämsoň ýörün-dä ýazyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024