Iş edenok diýme adama asla,
iş etjege päsgel bermek iş dälmi?
Ýörejegiň aýagyna dolaşmak,
diline çolaşmak gürlejekleriň,
alyp gaçmak sözüni,
ýa öňünde durmak görjegiň hökman,
gamaşdyrmak seretjegiň gözüni,
taýak sokmak tekerine tigirliň,
atyny ürküzmek ata çykanyň,
ýa-da üzeňňisin kesmek
bildirmän, bukulyp baryp,
iş dälmi?

Adam bar, pikir bar, garaýyş-da bar,
her kim öz gözünden garaýar daşa,
kim ýer sürjek, ekjek, gurjak, ýaratjak,
kim ymtylýar diňe iýmeli aşa.

Iş edenok diýme adama asla,
iň ýaltany, emelsizem ýazgarma,
bolmanda bir aýalyň
arkasyny ýyladar,
hem köpelder köçäniň
jagyl-jugulyn bolman,
a soň işin, aladasyn obanyň,
ogrusyny, dilegçisin şäheriň,
diňe gurujylar işlemeýärler,
der dökmeýär diňe ekýän,
azap edýär hatda ýagysam nanyň,
iş edenok diýme adama asla,
iş dälmi edýäni ýykyjy hanyň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024